Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus RT-synyň öňki habarçysy Nawalnynyň yzyndan "içalyçylyk" etmegiň soralandygyny aýdýar


Daniel Lange
Daniel Lange

Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki RT telekanalynda işlän nemes žurnalisti, Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnyý Sibirde zäherlenenden soň Germaniýada bejergi alýarka onuň yzyndan içalyçylyk etmek barada öňki iş berijisi tarapyndan haýyş edendigini aýdýar.

Daniel Langyň Germaniýanyň habar beriş serişdelerine aýtmagyna görä, oňa Nawalnynyň Berliniň "Charite" keselhanasynda bejergi alýan palatasyna nädereje golaý baryp boljakdygyny barlamak we medisina merkezinde "giň harby güýçlerini surata düşürmek" we munuň üçin žurnalistik ukybyny ulanmak tabşyrylypdyr.

Lange 11-nji martda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özünden soralan zatlaryň "žurnalistika hiç hili baglanyşygynyň bolmandygyny" aýtdy we netijede döwletiň gözegçiligindäki RT kompaniýasynyň Germaniýadaky bölümi bilen iş şertnamasyny bozmagyna sebäp bolandygyny belledi.

"Men özümiň gizlin agent däldigimi birnäçe gezek aýtdym we harby keselhananyň öňünde bir esgeriň suratyny gizlin alsam, Orsýetde maňa näme etjekdiklerini soradym" - diýip Daniel Lange aýtdy.

XS
SM
MD
LG