Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň daşary işler ministri awtoritar režimleriň abandyrýan howpy barada duýdurýar


Britaniýanyň daşary işler ministri Dominik Raab

Britaniýanyň daşary işler ministri Dominik Raab 17-nji martda etjek çykyşynda dünýä boýunça demokratiýa howpuň abanýandygy, şeýle-de awtoritar režimleriň global durnuklylyga we abadançylyga wehim salýandygy barada belläp geçer.

Raab ABŞ-nyň Howpsuzlyk boýunça Aspen Forumynda çykyş eder, şeýle-de onuň dowamynda Britaniýanyň daşary we goranmak syýasatlary boýunça 16-njy martda yglan eden üýtgetmeleri barada durup geçer.

Raab Britaniýanyň “dünýädäki gowulygyň güýji bolmak” baradaky garaýyşynyň çäginde daşary syýasat boýunça gözden geçirilen jemlerini äşgär eder.

Şeýle-de, ol 1989-90-njy ýyllarda Sowuk Urşy tamamlanmagyndan bäri dünýädäki demokratiki institutlaryň uly howp bilen ýüzbe-ýüz bolup durandygyny nygtar.

Raab geljek onýyllygyň dowamynda awtoritar režimleriň bilelikdäki ykdysady derejesiniň demokratiki dünýäniň görkezijilerinden aşmagynyň mümkindigini hem çaklar. Ol munuň “diýdimzorlygyň azatlykdan has gurplydygyny” görkezýändigini aýtdy.

Raab Bregzitden soňra Britaniýanyň demokratiki gymmatlyklaryň esasynda täze halkara ulgamyny gurmak boýunça özüniň täsiri we hemaýaty baradaky strategiýasyny äşgär etmäge synanyşar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG