Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ, Hytaý diplomatlary Baýdeniň administrasiýasynyň ilkinji ýüzbe-ýüz ýygnagynda jedelleşdiler


ABŞ we Hytaý arasynda geçirlen gepleşikler, Alýaska, 18 mart, 2021

ABŞ-nyň we Hytaýyň diplomatlary 18-nji martda prezident Jo Baýden işe başlaly bäri geçirlen ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşiklerinde jedelleşdiler. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Hytaýyň özüni alyp barşyny üýtgetmegine we Trampyň administrasiýasy döwründe bozulan gatnaşyklary çalt dikeltmek mümkinçiligine baglan umydyny puja çykardy.

Şeýle ýygnaklarda resmileriň adatça žurnalistleriň öňünde birnäçe minut dowam edýän çykyşy bir sagatdan gowrak dowam etdi, köpçüligiň öňünde bilelikde seýrek çykyş edýän iki delegasiýanyň resmileri birek-biregiň syýasatyny ýazgardy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Alýaskanyň Ankorij şäherinde geçirilen ýygnagyň Hytaýyň "global durnuklylygy saklaýan düzgünlere esaslanýan tertibe howp salýandygyny" aýtdy we Hytaýyň uýgur musulmanlaryna garşy alyp barýan işlerine çuňňur alada bildirdi.

Hytaý Kommunistik partiýasynyň ýokary diplomatiýa işgäri Ýang Jieçi gaharly jogap berdi we Hytaýyň ABŞ-nyň Hytaýyň içerki işlerine gatyşmagyna düýbünden garşydygyny aýtdy.

Şeýle-de, hytaý resmisi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny özüniň adam hukuklary meselelerini çözüp bilmezlikde aýyplady we "oňa öz imijini üýtgetmegi hem dünýäniň beýleki ýurtlarynda öz demokratiýasyny ösdürmegi bes etmegi" teklip etdi.

Bu çykyşlardan soň ABŞ-nyň administrasiýasynyň bir resmisi Hytaýyň “özüni görkezmek niýeti bilen gelendigini” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG