Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýden Hytaýyň öňdebaryjy global güýç bolmagyna ýol bermejegini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Hytaýyň dünýäniň iň güýçli döwleti bolmagynyň öňüni aljakdygyny aýtdy we Hytaýyň söwda meselelerinde halkara düzgünlerine görä hereket etmegi üçin basyşy dowam etdirjekdigini aýtdy.

25-nji martda geçirilen ilkinji metbugat ýygnagynda Baýden Hytaýyň maksadynyň dünýäde öňdebaryjy ýurt bolmakdygyny belledi we "meniň pikirimçe bu amala aşmaz, sebäbi Amerikanyň Birleşen Ştatlary ösmegini dowam etdirer" diýdi.

Şeýle hem, Baýden Hytaýyň prezidenti Si Szinpini Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen deňeşdirdi hem ikisiniň-de awtokratiýanyň “geljegiň tolkunydygyna we demokratiýanyň çylşyrymly dünýäde işläp bilmejekdigine” ynanýandyklaryny aýtdy.

Ýöne Amerikanyň Birleşen Ştatlary Hytaý bilen gapma-garşylyk gözlemeýär diýip Baýden aýtdy, emma Pekini Gonkongda demokratiýanyň yza gaýdyşy, azlyk uýgurlara ýaramaz çemeleşmegi we harby taýdan güýçlenmegi ýaly meselelerde jogapkärçilige çekmek üçin ABŞ-nyň öz ýaranlary bilen işleşjekdigini aýtdy.

Baýden ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagy ýaly daşary syýasara degişli beýleki soraglar bilen ýüzbe-ýüz boldy we goşuny 1-nji maýa çenli çykarmak talabyny "ýerine ýetirmek kyn bolar" -diýdi. Emma Baýden ABŞ-nyň Owganystandaky soňky 2500 harbysyny “uzak wagtlap” saklamak islemeýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG