Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB döwletleri koronawirus çäklendirmelerini güýçlendirýär


Germaniýanyň saglyk ministri 10-14 gün petiklenmäniň zerurdygyny aýtdy.
Germaniýanyň saglyk ministri 10-14 gün petiklenmäniň zerurdygyny aýtdy.

Ýewropada COVID-19-a ýolugýanlaryň sanynyň gürelmegi bilen Fransiýa, Belgiýa we Polşa koronawirus çäklendirmelerini güýçlendirdiler. Bu aralykda, Germaniýanyň saglyk ministri ýurduň koronawirus tutaşmasyny kontrol astyna almak üçin, 10-14 gün petiklenmäniň zerurdygyny aýtdy.

Fransiýa ýagdaýlaryň “howpludygyny” boýun aldy, şeýle-de eýýäm berk çäklendirmeleriň astyndaky 16 departamentiň üstüne ýene üçüsini goşdy. Aý başlanaly bäri, Fransiýada koronawirusa ýolugýanlaryň gündelik sany tas iki esse ýokarlandy.

Belgiýa “möhüm bolmadyk” hyzmatlary hödürleýän ähli biznesleri ýapdy.

Polşada oýun meýdançalarynyň, gözellik sallonlarynyň, dellekhanalaryň dagy işi togtadyldy.

Şol bir wagtda, Britaniýa çäklendirmeli aradan aýyrmaga taýýarlyk görýär.

XS
SM
MD
LG