Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda 200 töweregi protestçi saklandy


“Wýasna” merkezi şenbe güni Belarusda polisiýanyň azyndan 240 adamy saklandygyny aýdýar.
“Wýasna” merkezi şenbe güni Belarusda polisiýanyň azyndan 240 adamy saklandygyny aýdýar.

27-nji martda Belarusda polisiýa hökümete garşy täze protestleriň öňüni almak synanyşygynda 200 töweregi adamy saklady we Minskiň köçelerini petikledi. Bu aralykda, belarus oppozisiýasy ençeme aý repressiýalardan soňra, demokratiki hereketi täzeden janlandyrmagy wada berýär.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Wýasna” merkezi şenbe güni polisiýanyň azyndan 240 adamy, şol sanda žurnalistleri saklandygyny aýdýar. Adamlaryň tas ählisi diýen ýaly paýtagt Minskde saklandy.

Protestiň guramaçylary demonstrasiýalary ilki şäher merkezinde geçirmegi planlaşdyrdylar, emma ol ýere çekilen köp sanly howpsuzlyk güýçleri sebäpli, adamlary öz jaýlarynyň öňündäki meýdançalara we Ýakub Kolas meýdançasynyň golaýyndaky köçä çykmaga çagyrdylar.

Awgustdaky saýlawlarda resmileriň diýdimzor Aleksandr Lukaşenkany ýeňiji diýip yglan etmeklerinden soňra, Belarusda köpçülikleýin protestler geçirildi. Oppozisiýa prezidentlik saýlawlarynyň galplaşdyrylandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG