Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barlag: COVID-19 adama ýarganatdan geçen bolmagy mümkin


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

COVID-19 ýokunjy uly ähtimallyk bilen ýarganatdan, göni ýa-da beýleki bir haýwanyň üsti bilen, adama geçen bolmagy mümkin diýip, Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) bilen hytaý ekspertleriniň geçiren bilelikdäki barlagynyň netijesinde bellenilýär.

Emma hasabatda pandemiýanyň gelip çykyşy baradaky soraglara anyk jogaplar berilmeýär. Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlar tarapyndan, Hytaýyň ünsi başga ýana sowmak mümkin synanyşygy hökmünde, ynamsyzlyk bilen garşylandy.

Hasabatyň çap edilmeginden ozal, BSG-nyň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Ghebreýesus pandemiýanyň gelip çykyşy bilen bagly soraglaryň heniz hem açyk galýandygyny, şeýle-de bu babatynda ýene seljermeleriň zerurdygyny belledi.

Hasabatda COVID-19-y döredýän SARS-CoV-2 wirusynyň ýarganatdan başga bir haýwanyň üsti bilen adama geçen bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.

Hasabatda 2019-njy ýylyň dekabrynda wirusyň ilki ýüzi çykarylan ýeri bolan Wuhandaky jandarlaryň bazarynyň hem bu babatyndaky rolunyň kesgitli däldigi nygtalýar.

XS
SM
MD
LG