Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Demirgazyk Makedoniýadan utulyp, ‘masgara boldy’


Demirgazyk Makedoniýa 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Futbol boýunça Dünýä Çempionatynyň saýlama tapgyrynda Germaniýany 2:1 hasap bilen utdy.
Demirgazyk Makedoniýa 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Futbol boýunça Dünýä Çempionatynyň saýlama tapgyrynda Germaniýany 2:1 hasap bilen utdy.

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Germaniýa 31-nji martda Demirgazyk Makedoniýadan 2:1 hasaby bilen öz öýünde utuldy. Garaşylmadyk ýeňliş dört gezek dünýä çempiony bolan Germaniýanyň Katara barýan ýoluny kynlaşdyrdy.

Germaniýa asla futbol boýunça dünýä çempionatynyň iň uly ýaryşlaryndan galmady, ýöne 1930-njy ýylda açylyş çempionatyna gatnaşmady we 1950-nji ýylda oňa ýaryşlara gatnaşmaklyk gadagan edildi.

Demirgazyk Makedoniýadan ýeňilenden soňra nemes topary, “J” toparynda oýnalan üç oýnuň netijelerine görä, toparyň öňdebaryjysy Ermenistandan üç utuk, Demirgazyk Makedoniýadan bir gol tapawut bilen tablisada üçünji orunda süýrenýär.

Nemes metbugaty futbol toparyny hem-de onuň tälimçisi Ýoahim Löwi (Joachim Loew) dessine tankytlady. “Nähili masgaraçylyk!” diýip, gündelik Bild neşiri gahar pürkdi.

XS
SM
MD
LG