Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozisiýa lideri Nawalny açlyk çekmegini dowam etdirýär


Alekseý Nawalnyý

Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý şu hepde açlyk yglan etmezden ozal türmede ep-esli agramyny ýitirdi, bu barada Kremliň tankytçysynyň ýaranlary aýtdylar.

1-nji aprelde Nawalnynyň Telegram kanalynda ýazan habarynda onuň ýaranlary Nawalnynyň geçen aýda türmä eltilende 93 kilogram bolan bolsa, häzirki wagtda onuň agramynyň 85 kilograma düşendigini mälim etdiler.

Beýanatda aýdylmagyna görä, onuň horlanmagy ilkinji nobatda garawullar tarapyndan gije sekiz gezek oýandyrylmagy bilen baglanyşdyrylýar.

Nawalnyý 31-nji martda açlyk yglan etdi we türme işgärleriniň lukmançylyk kömegini bermeýändigini we ukusyny kesýändigini aýtdy.

Ol arkasyndaky we aýaklaryndaky ýiti agyrylardan zeýrendi.

Russiýanyň türme ýolbaşçylygy 44 ýaşly adama zulum etmek baradaky aýyplamalary ret edýärler.

Nawalnynyň ýakyn ýaranlarynyň ynamdar lukmanlary, häkimiýetleri syýasatçynyň medisina kömegi baradaky haýyşlaryna jogap bermäge çagyrýarlar.

Nawalnynyň Telegram kanalynda çap edilen ýazgyda "lukmana henizem ony görmäge rugsat berilmeýär, lukmançylyk kitabynda diagnoz ýok we lukmanlaryň çykaran netijesi görkezilmeýär" diýilýär.

Bu aralykda, maglumatda aýdylmagyna görä, Nawalnynyň ýanyna lukman goýbermegiň ýerine Kreml tarapyndan goldanýan RT habar kanalynyň topary “betbagt propagandisti” wideo düşürmek üçin iberilipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG