Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran we dünýä ýurtlary ABŞ-nyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmegi barada gepleşýärler


Tähranyň günorta-günbataryndan 150 km uzaklykda ýerleşýän Arak şäheriniň golaýyndaky Eýranyň agyr suw ýadro desgalary, 15-nji ýanwar, 2011.
Tähranyň günorta-günbataryndan 150 km uzaklykda ýerleşýän Arak şäheriniň golaýyndaky Eýranyň agyr suw ýadro desgalary, 15-nji ýanwar, 2011.

Eýran we dünýä ýurtlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 2015-nji ýylda baglaşylan möhüm ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmegi barada 2-nji aprelde wirtual gepleşikler geçirdiler.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 1-nji aprelde yglan edilen bu ädim Waşington tarapyndan makullandy we ol ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmek üçin "özara ädim ätmäge" taýýardygyny aýtdy.

Wirtual duşuşyga Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Russiýanyň, Britaniýanyň we Eýranyň wekilleri gatnaşýar.

Ýewropa Bileleşiginiň 1-nji aprelde çap eden beýanatynda 2015-nji ýylyň ylalaşygyna gol çekenleriň ählisiniň gatnaşandygyny belledi we “Gatnaşýanlaryň ylalaşyga dolanmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşjakdygyny" we möhüm ýadro şertnamasyny "ähli taraplaryň doly we netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek " ýollaryny gözlejekdigini habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti duşuşygyň geçirilmegini makullaýandygyny 1-nji aprelde mälim etdi.

Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs "Elbetde, muny oňyn ädim hökmünde garşylaýarys" -diýip, ABŞ-nyň 2015-nji ýyldaky şertnamanyň doly ýerine ýetirilmegini dikeltmek üçin "ilkinji özara ädimler" barada pikir alyşýandygyny žurnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG