Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda alnyp gaçylan gyzyň we ony alyp gaçanyň jesetleri iki günlük gözlegde tapylandan soň, protest ýüze çykdy


Polisiýa jeset tapylan awtoulagda derňew işlerini geçirýär.
Polisiýa jeset tapylan awtoulagda derňew işlerini geçirýär.

Gyrgyzystanda bir zenanyň we ony alyp gaçmakda güman edilýäniň jesedi iki gün dowam eden gözlegde tapylandan soňra demonstrasiýalar başlady. Bu demonstrasiýalar ýurtda dowam edýän (ýöne gadagan edilen) “gyz alyp gaçmak” tejribelerine üns çekýär.

7-nji aprelde Çui sebitiniň çet ýerinde bir awtoulagda tapylan jesetleriň birinde bogulma alamatlary, beýlekisinde pyçak ýarasy bar.

Häkimiýetler adam öldürmek we öz janyna kast etmek jenaýatlarynda güman edýär.

Raýat jemgyýetleri we beýleki gyrgyz raýatlary häkimiýetlere we jemgyýete ýurtda dowam edýän adam ogurlamak tejribesini basyp ýatyrmaga gyssagly çagyryşlar bilen çykyş etdiler.

Demonstrantçylar 8-nji aprelde birnäçe şäherde, şol sanda paýtagt Bikekde Içeri işler ministrliginiň öňünde we günorta Oş şäherinde polisiýa bölüminiň daşynda ýygnanyşdy.

Köp sanly protestçi içeri işler ministri Ulan Niýazbekowyň wezipeden çekilmegini talap edýär.

Polisiýa derňewiň merkezindäki awtoulagyň 5-nji aprelde 27 ýaşly Aizada Kanatbekowa Bişkegiň köçelerinde birnäçe adam tarapyndan alnyp gaçylandan soň bir çopan tarapyndan tapylandygyny aýtdy.

Gyrgyztanda gyz alyp gaçmak 2013-nji ýyldan bäri jenaýat, ýöne muňa garamazdan her ýyl ýurt boýunça ýüzlerçe gyz alnyp gaçylýar.

Aktiwistler bu tejribäniň maşgalada zorlanmalara, maşgala zorlugyna we beýleki trawmalara sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG