Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horezmde göwreli gelin ammarda asylan halda tapyldy. Ol ölmezinden öň ýenjilipdir


"Meni bu ýerden äkidiň, ýogsam ölerin" diýip, Muhlisa ejesine ýalbarypdyr.
"Meni bu ýerden äkidiň, ýogsam ölerin" diýip, Muhlisa ejesine ýalbarypdyr.

Özbegistanyň Horezm sebit prokuraturasy asylgy halda tapylan ýaş gelniň işi boýunça derňewe başlady.

Horezm sebitiniň Şawat etrabynyň Katkala obasynda alty aý ozal durmuşa çykan 19 ýaşly Muhlisa Kadambaýewa 1-nji aprelde adamsynyň öýündäki ammarda asylgy ýagdaýda tapyldy.

Mähelläniň ýaşaýjylary we merhum Muhlisanyň garyndaşlary “Ozodlik” radiosy bilen söhbetdeşlikde onuň ölüminden öň ýenjilendigini gürrüň berdiler.

Kazyýet-lukmançylyk barlagynyň geçirilendigine garamazdan, maşgala agzalary henizem bilermenleriň gelen netijeleri bilen tanyşdyrylmady.

Şaýatlaryň tassyklamagyna görä, Muhlisa ölüminden bir gün öň öler ýaly ýenjilipdir we ejesinden özüni bu ýerden alyp gitmegi haýyş edipdir: "Meni bu ýerden äkidiň, ýogsam ölerin" diýip, Muhlisa ýalbarypdyr.

Muhlisanyň ejesi “Ozodlik” bilen söhbetdeşlikde adamlaryň arasynda gep-gürrüň ýaýratmajak bolup, urulmakdan endamy gök dalak bolan gyzyny gaýynlarynyň öýünde goýup gaýdandygyny aýtdy.

Merhum ölmezinden ozal ene-atasyna ýazan hatyny ýorganyň aşagynda gizläpdir. Hatda: "Kakam we ejem meni bagyşlasyn, men olary bagyşladym" diýilip ýazylypdyr.

XS
SM
MD
LG