Gyrgyzystandaky gelin alyp gaçmak praktikasy netijesinde bir gyzyň öldürilmegi sebäpli turan jemgyýetçilik gahar-gazabyndan soň Bişkegiň polisiýa başlygy wezipesinden boşadyldy, onlarça ýokary derejeli ofisere çäre görüldi.
Içeri işler ministrligi 10-njy aprelde Bişkegiň polisiýa başlygy Bakyt Matmusaýewi hem-de paýtagtyň ýokary derejeli polisiýa ofiserleriniň üçüsiniň wezipesinden boşadylandygyny, 40 polisiýa işgärine käýinç berlendigini aýtdy.
Gazaba ýykan protestçiler şu hepdäniň başynda 27 ýaşly Aýzada Kanatbekowanyň ölümine getiren gelin alyp gaçmak praktikasy babatdaky geleňsizlik üçin degişli ýolbaşçylaryň ählisiniň, şol sanda içeri işler ministri Ulan Nyýazbekowyň işden aýrylmagy baradaky çagyryşlaryny güýçlendirdiler.
Hepde başynda Kanatbekowa edilen zulum babatda özüniň "ahlak taýdan jogapkärdigini" boýun alan Nyýazbekow wezipesinde saklandy.
Kanatbekowanyň we iş şärikleriniň kömegi bilen ony paýtagtda, gündiziň günortany alyp gaçmakda güman edilýän erkegiň jesetleri gyz alnyp gaçylandan iki gün soň, 7-nji aprelde awtoulagda tapyldy.
Derňewçiler 36 ýaşly Zamirbek Tengizbaýewiň Kanatbekowany köýnek bilen bogup öldürendigini, soň damaryny kesip, öz janyna kast edendigini öňe sürýär. Şeýle-de olar Tengizbaýewiň ozal Russiýada üç gezek jenaýatda günäli tapylandygyny aýtdylar.
5-nji aprelde Kanatbekowany tutup, köçeden alyp gaçmaga kömek etmekde güman edilip, dört adam tussag edildi. Bu waka gözegçilik kameralaryna düşdi we onuň ýazgysy geçegçileriň alnyp gaçylýan gyza kömek etmändigini görkezýär.