Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Deportasiýa edilýän çeçenistanlynyň öz watanynda zuluma sezewar edilmegi mümkin


Magomed Gadaýew
Magomed Gadaýew

"Amnesty International guramasy 11-nji aprelde Fransiýadan Russiýa deportasiýa edilen çeçen syýasy bosgunyň indi Çeçenistanyň howpsuzlyk gullugyna tabşyrylandan soň gynamalara ýa-da ölüme sezewar ediljekdigini aýtdy.

Hukuk goraýjy toparynyň fransuz bölüminiň 9-njy aprelde ýaýradan gyssagly ýüzlenmesinde Fransiýadan Moskwa deportasiýa edilen Magomed Gadaýewiň ykbaly barada aladalanýandygyny aýtdy.

"Nowaýa Gazeta" gazetiniň habaryna görä, 37 ýaşly adam Russiýanyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan Demirgazyk Kawkaz sebitiniň ýolbaşçylaryna Çeçenistana tabşyrylypdyr.

Diýdimzor ýolbaşçy Ramzan Kadyrowyň goly astyndaky Çeçenistanyň howpsuzlyk gullugy syýasy garşydaşlaryna garşy zorluk ulanmagy we adam hukuklaryny depelemegi bilen meşhurdyr.

"Geçmişde yzarlamalar babatynda çeçen häkimiýetleri tarapyndan gynamalara garşy gozgalan kazyýet işlerine şaýat hökmünde gatnaşan Magomed Gadaýew ýene-de gynamalara sezewar edilip, hatda öldürilmek howpy astyna düşdi" -diýip, "Amnesty International" guramasy Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makrona çäre görmegi sorap ýüz tutdy.

Gadaýew Parižde ýerleşýän çeçen diaspora guramasynyň geňeşiniň we diasporanyň bähbitlerine wekilçilik edýän Ýewropadaky Çeçenler Assambleýasynyň agzasy.

Gadaýew Çeçenistanda separatistler bilen gatnaşykda bolmakda aýyplanyp türmede oturyp çykdy we şol ýerde gynamalara sezewar boldy. Ol Fransiýada on ýyl töweregi ýaşady we watanyndaky çeçen howpsuzlyk güýçleri tarapyndan edilen gynamalar we adam alyp gaçmalar bilen baglanyşykly özüniň şaýat bolan wakalary barada köpçülige gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG