ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken şu ýylyň aýagynda ABŞ goşunlary ýurtdan çekilenden soň Owganystanyň halkynyň-da, goňşy ýurtlaryň we “Talybanyň-da” ýurtda raýat urşunyň turmagynda bähbit görmeýändigini aýtdy.
Öňünden aýtman gelen Blinken 15-nji aprelde Kabulda görşen adamlarynyň ählisinde berk parahatçylyk islegini görendigini aýtdy.
Blinken metbugat ýygnagynda raýat urşunyň turmak ähtimallygy barada berlen soraga jogap berip, “Biziň eşidişimizden, hatda “Talyban” hem uruş-gowgada bähbit görmeýär” diýdi.
Ol "Talybanyň" Owganystanyň halkara derejesinde ykrar edilmegini we halkara goldawyny almagyny, şol sanda onuň liderleriniň erkin syýahat edip bilmegini isleýändigini, "eger olar raýat urşuna meçew berse, bu zatlaryň hiç biriniň mümkin däldigini" aýtdy.
Şeýle-de, Blinken “Talybanyň” amerikan goşunlary çekilýän wagtynda edip biljek islendik hüjümine "gaty berk gaýtawul" beriljekdigini duýdurdy.
Blinken Kabulda sekiz sagat çemesi wagt bolup, Waşingtonyň 11-nji sentýabrda ABŞ-nyň ähli esgerini yzyna çykarmak planlary barada resmilere maglumat berdi.