Lukmanlar we Nawalnynyň metbugat wekili onuň açlyk yglan etmegi netijesinde gutulgusyz ölüm bilen ýüzbe-ýüz durandygyny duýdurandan soň, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden tussaglykdaky kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň ýagdaýyny "adalatsyzlyk" hökmünde häsiýetlendirdi.
Baýden 17-nji aprelde Delawer ştatynyň Wilmington şäherinde žurnalistler bilen bolan söhbetdeşlikde "Bu düýbünden adalatsyz we düýbünden ýerliksiz" diýdi.
Şahsy lukmanynyň we ýanyna barmak üçin rugsat sorap, Orsýetiň Federal türme gullugyna hat ýazan beýleki üç lukmanyň sözlerine görä, Nawalnynyň saglygy çalt ýaramazlaşdy we onuň ýüreginiň urmagy "islendik minutda" togtap biler.
Lukmanlar toparynyň maslahat, geňeş çäresini gurnamaga taýýardyklaryny aýdýan haty 17-nji aprelde Nawalnynyň şahsy lukmany Anastasiýa Wasilýewanyň twitter hasabynda çap edildi
44 ýaşly Nawalny türme ýolbaşçylarynyň özüne degerli lukmançylyk kömegini almaga rugsat bermezligine protest bildirip, geçen aý açlyk yglan edendigini aýtdy.
“Nýu-Ýork Taýms” gazeti hem 17-nji aprelde redaksiýon makala çap edip, Nawalnynyň saglyk ýagdaýyny terezä saldy we onuň ýanyna lukmanlary goýbermek meselesiniň diňe "prezident Wladimir Putin tarapyndan çözülip bilinjekdigini” aýtdy.
Redaksiýa Putin "häzir jenap Nawalnynyň zähmet-düzediş lagerinde heläk bolmagyna ýol berip, jenap Putiniň "ganhora öwrülendigini" ynamdar tassyk edýändigine düşünmeli diýdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.