Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýanyň Krymdaky dikme häkimiýetleri ukrain içalysy diýilýäni tussag etdi


Russiýa 2014-nji ýylda Krymy ele geçirenden soň ekstremizm, terrorçylyk we içalyçylyk ýaly dürli aýyplamalar bilen onlarça adamy tussag etdi

Ukrainanyň Krym sebitindäki rus dikmeleri Kiýewe içalyçylyk etmekde güman edilýän bir rus raýatyny tussag etdi.

22-nji aprelde Sewastopol şäheriniň Lenin etrap kazyýeti “1998-nji ýylda doglan bir rus raýatynyň” dönüklikde güman edilip, tussag edilendigini we onuň azyndan 19-njy iýuna çenli deslapky tussaglykda saklanjakdygyny mälim etdi.

Has ozal, günüň birinji ýarymynda, Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) Russiýanyň Gara deňiz floty barada gizlin maglumatlary Ukrainanyň harby aňtaw gullugyna geçiren bir adamy öz ofiserleriniň saklandygyny aýtdy.

Bu iş boýunça başga maglumat köpçülige aýan edilmedi.

Ukrainanyň Moskwa tarapdar prezidenti Wiktor Ýanukowiç köpçülik protest tolkunlarynyň arasynda wezipeden çetledilenden soňra, Russiýa 2014-nji ýylyň martynda Ukraina goşun iberip, ol ýerde referendum geçirdi we Krymy anneksiýa etdi. Azyndan 100 ýurt bu referendumy bikanun yglan etdi.

Şondan bäri Russiýa Krymda ekstremizm, terrorçylyk we içalyçylyk ýaly dürli aýyplamalar bilen onlarça adamy tussag etdi.

Hukuk goraýjy toparlar Moskwanyň ýarym adada gözegçiligi ele geçirenden soňra ukrain aktiwistlerini we anneksiýany sorag edýän islendik adamy berk yzarlaýandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG