Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny özi üçin guralan protestlerden soň "buýsanç we umyt" bildirýär


Rus protestçis. Barnaul, 21-nji aprel, 2021
Rus protestçis. Barnaul, 21-nji aprel, 2021

Türmede oturan rus oppozisiýa lideri, saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy baradaky habarlar arasynda, ýurt boýunça azat edilmegi üçin guralam demonstrasiýalardan soň "buýsanç we umyt" bildirdi.

Alekseý Nawalny 22-nji aprelde Instagramda çap edilen hatynda bir gün öň köçelere çykan müňlerçe orsýetlini “Russiýanyň daýanjy” diýip atlandyrdy.

Rus polisiýasy ýygnanyşyklar wagtynda azyndan 1700-den gowrak adamy, şol sanda 10 žurnalisti tussag etdi. “Amnesty International” guramasy bu tutda-baslyklary "esasy azatlyklaryň haýran galdyryjy ýagdaýdaky basylyp ýatyrylmagynyň" bir bölegi hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýanwar aýyndan bäri tussaglykda saklanýan 44 ýaşly Nawalny 31-nji martdan bäri açlyk yglan edip, lukmanlaryň arkasyndaky we aýaklaryndaky ýiti agyrylary aýyrmaklary üçin bejeriş çärelerini görmegini talap edýär.

Nawalnynyň lukmanlary “Mediazona” web sahypasynda çap edilen beýanatlarynda onuň açlyk yglan etmegini bes etmegi maslahat berdiler we "eger bu açlyk biraz uzaga çekse, soň biziň bejergi aljak hassamyz bolmaz" diýdiler.

Şu aralykda Ýewropa Geňeşiniň Parlament mejlisi (PACE) Russiýany Nawalnyny ministrler komitetiniň 2021-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek indiki "adam hukuklary "ýygnagyndan we islendik çäresinden öň, derhal boşatmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG