Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aral sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek maslahatlaşyldy


Türkmen DIM-niň web sahypasyndan alnan surat.
Türkmen DIM-niň web sahypasyndan alnan surat.

Halkara Ýer gününe gabat Aşgabatda, göni wideoaragatnaşyk arkaly, “Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn dialog” geçirildi diýip, Türkmen DIM-niň web saýty habar berýär.

Köptaraplaýyn dialoga ýurduň degişli edaralarynyň, daşky gurşawy goramak işinde Aşgabat bilen hyzmatdaşlyk saklaýan halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdy diýip, habarda birnäçe halkara guramasynyň ady getirilýär.

Anyklaşdyrylmazdan berlen maglumata görä, maslahatyň dowamynda sebitiň ekologiki abadançylygyny gorap saklamak işindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri dogrusynda hem pikir alyşyldy.

Türkmen mediasy ýurtda daşky gurşawy gorap saklamak ugrunda uly tagallalaryň edilýändigini habar berýär, emma Aral problemalary bilen bagly anyk, görnüp duran hadysalar we olaryň ilatyň durmuşyna ýetirýän täsirleri barada maglumatlary bermeýär.

Bu dymyşlyk 2018-2019-njy ýyllarda ýurduň demigarzygynda turan duzly tupanlar wagtynda hem dowam etdi.

Azatlygyň Daşoguzdaky habarçylary 2019-njy ýylyň awgustynda turan duzly tupanyň 2018-nji ýyldaky ýaly güýçli bolmandygyny, ýöne 2 gije-gündizläp dowam edendigini aýtdylar.

Ýerli synçylar şonda bu tupanyň “geçen ýyldan bäri Daşoguzda turan duzly tupanlaryň azyndan onunjysy” bolandygyny bellediler.

Aral deňzinden gelýän duzly tupan, aýdylmagyna görä, Daşoguz şäherindäki, hatda Lebap welaýatynyň demirgazyk etraplaryndaky ekin meýdanlaryna hem ýaramaz täsir ýetirdi.

Emma hökümet sebitlerde turjak duzly tupan barada öňünden ne metbugatda, ne-de edara-kärhanalarda, mekdeplerde ýa-da çagalar baglarynda bildiriş berýär.

XS
SM
MD
LG