Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baý ýurtlar kislorod, wentilýatorlary COVID-19 zerarly ejir çekýän Hindistana ibermäge taýynlanýar


Koronawirus keseli sebäpli ölen adamlary jaýlamak boýunça çäreler. Hindistanyň Nýu-Delidäki krematoriýa meýdançasy. 2021-nji ýylyň 22-nji apreli.

Britaniýa, ABŞ we Germaniýa gyssagly zerur lukmançylyk enjamlaryny Hindistana ibermegi wada berdiler. Bu ýurt bir günde ýokanç COVID-19 keseliniň möçberi boýunça dünýäde täze rekord goýdy.

Hindistan 25-nji aprelde 349 691 tassyklanan koronawirusly näsaglary hasaba aldy we dördünji gün rekord görkezýär.

Keselhanalar kislorod soraýan hassalary yzyna öwürmäge mejbur bolýar. Ýurduň saglygy saklaýyş ulgamy howply ýagdaýda galýar.

Sosial media maglumatlarynda bejergä garaşyp ölen ýakynlarynyň yzyndan aglaýan adamlary görkezildi.

Mazarlar we krematoriýalar juda köp.

Britaniýa, ABŞ, Germaniýa we Ýewropa Bileleşigi wentilýatorlar we kislorod ýaly kömek serişdelerini ibermegi wada berdiler.

Britaniýanyň Daşary işler edarasy 27-nji aprelde 140 töweregi howa beriji enjamyň we 500-e golaý kislorod konteýneriniň iberiljekdigini aýtdy.

ABŞ COVID-19 waksinalaryny, şeýle hem howa beriji enjamlaryny we beýleki enjamlary öndürmek üçin zerur materiallary iberer. Bu barada milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi Jeýk Saliwan aýtdy.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel "pandemiýa garşy göreşiň ähliumumy söweşdigini" aýtdy we Germaniýanyň "gyssagly ýagdaýda goldaw missiýasyny taýýarlaýandygyny" mälim etdi.

Ýewropa Komissiýasy Deliden haýyş alandan soň Hindistana kislorod we derman ibermegi maksat edinýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG