Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pandemiýa garamazdan, dünýäde harby çykdajylar ýokarlanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

26-njy aprelde Stokgolmda ýerleşýän halkara parahatçylyk gözleg instituty (SIPRI) tarapyndan çap edilen hasabata görä, COVID-19 pandemiýasy ýurtlaryň harby çykdajylaryna uly bir täsir ýetirmändir, 2020-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende global derejedäki harby çykdajylar 2,6% ýokarlanypdyr.

SIPRI, Çili we Günorta Koreýa ýaly käbir ýurtlaryň planlaşdyran harby çykdajylarynyň bir bölegini pandemiýa garşy göreş üçin ulanmagyna, Braziliýa we Russiýa ýaly beýleki ýurtlaryň bolsa býujet çykdajylaryny azaldandygyna garamazdan, global derejede harby çykdajylaryň 1,9 trillion dollara ýetendigini habar berdi.

Hasabatyň awtorlaryndan Diego Lopes da Silwa ösüşiň garaşylmandygyny belledi.

"Pandemiýanyň 2020-nji ýylda global harby çykdajylara ep-esli täsir etmändigini aýdyp bileris" diýip, Lopes da Silwa aýtdy.

2020-nji ýylda harby maksatlara iň köp sarp eden ýurtlar ABŞ, Hytaý, Hindistan, Orsýet we Britaniýa boldy. Bu ýurtlar bilelikde global harby çykdajylaryň 62% emele getirdi.

ABŞ-nyň harby çykdajylary 2019-njy ýyldakydan 4,4% ýokarlandy we tas 778 milliard dollara ýetdi. 2020-nji ýylda global harby çykdajylarynyň 39% ABŞ-nyň paýyna düşdi.

XS
SM
MD
LG