Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň ýokary derejeli generaly NATO goşunlary gidenden soň owgan güýçleri 'taýyn bolmaly' diýýär


Owganystanyň ýörite harby güýçleriniň esgerleri

ABŞ-nyň Owganystandaky ýokary derejeli generaly 25-nji aprelde eden çykyşynda amerikan goşunlarynyň ýurtdaky işlerini jemläp başlandygyny we Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň dolandyryş işlerini öz üstüne almaga “taýyn bolmalydygyny” aýtdy.

General Ostin Miller köplenç owgan howpsuzlyk güýçleriniň ýakyn wagtda yza çekilmegi planlaşdyrýan amerikan we beýleki daşary ýurt goşunlarynyň bolmadyk halatynda owgan harbylarynyň bu işi başaryp-başarmazlygy barada özüne sorag berilýändigini metbugat ýygnagynda owgan žurnalistlerine aýtdy.

Miller özüniň "olar taýyn bolmaly" diýip mydama birmeňzeş jogap berýändigini belledi.

ABŞ-nyň 2500 çemesi harbylarynyň we 7000 çemesi NATO goşunynyň yza çekilmeginiň resmi wagt möhleti 1-nji maý diýlip, kesgitlense-de, Miller "ýerli çäreleri görüp başladyk", "biz muňa başladyk" diýip belledi. Ol haýsy harby enjamlaryň Owganystandan ugradyljakdygy we owgan howpsuzlyk güýçlerinde nämäniň galdyryljakdy barada karara gelinmelidigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden şu aýyň başynda ABŞ-nyň goşunlarynyň cykarylmagynyň 1-nji maýdan 11-nji sentýabra çenli yza tesdirilýändigini yglan edeninden soň Owganystanda partlamalar köpeldi. "Talyban" halkara goşunlarynyň çykarylýan möhletiniň yza süýşürilmeginiň yglan edilmeginiň yzýany hüjümlerini güýçlendirjekdigini yglan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG