Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Kongresde sözlän sözünde “Owganystanda baky söweşiň” soňlandyrylmagyny goldap çykyş etdi


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

Prezident Jo Baýden “Owganystanda baky söweşi” soňlandyrmagyň wagty geldi diýdi. Ol ABŞ goşunlarynyň sentýabra çenli Owganystandan çekilmegi barada beren kararyny goldap çykyş etdi.

“Bu günki gün biziň harby gullukçylarymyz bir döwür ene-atalarynyň göreşen söweşinde gulluk edýärler” diýip, Baýden 28-nji aprelde Kongresiň bilelikdäki mejlisinde eden ilkinji möhüm çykyşynda aýtdy.

“Owganystandaky uruş asla milli döwlet gurmak üçin nesiller boýy dowam etmeli söweş bolmaly däldi”

Has ozal, Baýden aprelde ABŞ goşunlarynyň, Donald Trampyň administrasiýasynyň ‘Talyban’ bilen ylalaşan 1-nji maý senesinden dört aý soň, 11-nji sentýabra çenli Owganystandan çekiljekdigini yglan etdi.

ABŞ-nyň Owganystandan çykmagy owgan howpsuzlyk güýçleriniň parahatçylyk şertnamasy bolmadyk halatynda "Talybana" garşy territoriýa saklap galmak mümkiçilikleri babatynda aladalara ýol açdy.

Şeýle raýat urşy “Al-Kaýdanyň” ABŞ-a we beýleki nyşanalara garşy täze hüjümleri guramagyna we meýilleşdirmegine mümkinçilik döredip biler.

ABŞ we NATO Owganystandan çekilse-de, “biz watana abanyp biljek howpy basyp ýatyrmak üçin gözýetimden aňyrda has ýokary mümkinçilikleri saklap galarys” diýip, Baýden aýtdy.

XS
SM
MD
LG