Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda ýangyç-ýük awtoulagynyň partlamagy netijesinde ýedi adam öldi


Kabulyň demirgazyk bölegindäki ýangyn
Kabulyň demirgazyk bölegindäki ýangyn

Owganystanyň paýtagty Kabulda ýangyç ýükli tankerleriň birnäçesiniň ot alyp, soňra partlamagy netijesinde azyndan ýedi adam ölüp, 14 töweregi adam ýaralandy, şäheriň üstüni gara tüsse gaplady.

1-nji maý güni giçlik bolan wakanyň bir hadysa ýa-da bilkastdan edilen iş bolandygy bada-bat belli edilmedi. Bir sürüji “Roýters” habar gullugyna bu waka 100-den gowrak tanker awtoulagynyň baglanyşykly bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Ýangyn söndürijiler ýangyny öçürmek tagallasyny etdiler, emma 2-nji maý güni irden hem ol ýerden göterilýän tüssäni görmek bolýardy.

Owganystanyň içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian žurnalistlere ýangynyň bir tankerden başlanyp, derrew golaýdaky tankerlere hem geçendigini aýtdy. Birnäçe jaýyň ýumrulandygy ýa zyýan görendigi habar berildi. Elektrik liniýalaryna-da zeper ýetdi, şäheriň köp böleginde tok bökdençlikleri boldy.

Tankerler şäheriň eteginde, sagat 9-a çenli garaşyp durdylar. Agşam sagat 9-da uly ulaglaryň şäher merkezine girmegine rugsat berilýär.

Bu waka ABŞ-nyň we onuň NATO ýaranlarynyň 11-nji sentýabrdaky doly goşun çykarmak möhletinden öň Owganystanda galan güýçleri çykarmagy dowam etdirýän wagtynda boldy.

XS
SM
MD
LG