Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Hindistanda krizis çuňlaşýar, Günorta Aziýada alada


Hindistan
Hindistan

Hindistanda koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagy we ölüm derejesiniň ýokarlanmagy bilen pandemiýa krizisi çuňlaşýar, bu ýagdaý Günorta Aziýanyň beýleki böleklerine hem täsir edýär.

Kislorod we medisina üpjünçiliginiň ýetmezçiligini azaltmak üçin Hindistana täze halkara kömeginiň barýan wagtynda, Britaniýanyň hökümeti öňki koloniýasyna goşmaça 1000 howa beriji guraly iberjekdigini aýtdy.

Soňky bir hepdäniň dowamynda Hindistanda 2,6 million täze kesellän adam we 23 800 töweregi ölenler hasaba alyndy we wirusyň umumy pidasynyň sanyny 215000 ýetirdi.

Bilermenler bu sanlaryň krizisiň hakyky gerimini görkezmeýändigine ynanýarlar.

Premýer-ministr Narendra Modiniň hökümeti milli derejede çäklendirmeleriň girizilmegine garşy çykdy, ýöne köp ştat öz çäklendirmelerini girizipdi.

Günorta Aziýada aladalanmalar hem artýar. Nepalda, Şri-Lankada kesellänleriň sany örän ýokarlanyp, hassahanalarda düşek, kislorod we medisina enjamlary gutarýar.

Şri-Lankanyň baş epidemiology Sudath Samaraweera "Häzirki infeksiýa tendensiýasyny saklamasak, biz Hindistandaky ýaly krizis bilen ýakyn wagtda ýüzbe-ýüz bolup bileris" - diýdi.

Bu aralykda, Pakistan keselçiligiň üçünji tolkuny başdan geçirýär. Ýurduň häkimiýetleri 2-nji maýda Owganystan we Eýran bilen serhetlerinden geçişi 4-nji maýdan 20-nji maýa çenli wagtlaýyn çäklendirmek kararyna geldi. Bu çäklendirmeler Owganystandan we Eýrandan öýlerine gaýdýan pakistan raýatlaryna täsir etmeýär.

XS
SM
MD
LG