Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Hytaý “has agressiw hereket edýär” diýýär


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken 
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken Hytaýyň daşary ýurtlarda has agressiw hereket edýändigini we öz çäginde has repressiw hereket edýändigini aýtdy.

2-nji maýda CBS habarlar gullugyna beren interwýusynda Blinken Waşingtonyň Hytaýy saklamak islemeýändigini, ýöne düzgünlere esaslanýan halkara tertibini bozmagyna ýol bermejekdigini aýtdy.

"Soňky birnäçe ýylda şaýat bolan zadymyz Hytaýyň öz ýurdunda has repressiw we daşary ýurtlarda has agressiw hereket etmegi. Bu fakt". diýip, Blinken CBS-iň "60 minut" gepleşigine beren interwýusynda aýtdy.

Soňky döwürde söwda, içalyçylyk we koronawirus pandemiýasy sebäpli ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky dartgynlyk güýçlendi.

Blinkenden Pekiniň uzak möhletli maksadynyň nämedigi barada pikiri soralanda, ol: "Meniň pikirimçe, wagtyň geçmegi bilen Hytaý dünýäde agalyk ediji ýurt bolup biljekdigine, bolmalydygyna hem boljakdygyna ynanýar" diýip, jogap berdi, emma harby gapma-garşylygyň "Hytaýyň we ABŞ-nyň bähbitlerine düýpli garşydygyny" belledi.

ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty "biziň maksadymyz Hytaýy duruzmak, saklamak üçin yza çekmek däl" -diýdi. Blinken "Hytaý düzgüne esaslanýan tertibe garşy çykýar. Kim bu tertibe garşy çyksa, aýaga galarys we gorarys" -diýdi.

XS
SM
MD
LG