Hytaýyň kosmos gullugy Hytaýyň kosmos raketasynyň uly böleginiň 9-njy maýda irden Maldiw adalarynyň golaýynda, Arap deňziniň ilata zeper ýetmejek bir bölegine ýere gaçandygyny aýtdy.
“The Long March 5B” raketasynyň dolandyrylmazdan Ýere dolanyp gelmegi 18 tonnalyk galyndynyň ilatly ýere gaçmak ähtimallygy bilen bagly aladalary döretdi.
CNN-niň ABŞ harbylaryna salgylanyp habar bermegine görä, 8-nji maýdaky soňky maglumatlara laýyklykda, hytaý raketasynyň Ýer atmosferasyna gaýdyp gelýän galyndylary, okuwçy gatnadýan awtobus möçberindäki raketa bölegi 9-njy maý güni ir sagatlarda Türkmenistanyň çäginde ýere gaçar diýip çaklanypdy.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok