Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda türmä basylan 16 ýehowa şaýadynyň 'günäsi' geçildi


Dini ynançlary üçin türmä basylan iki dogan, Eldor we Sanjarbek Saburowlar
Dini ynançlary üçin türmä basylan iki dogan, Eldor we Sanjarbek Saburowlar

Türkmenistanda Gadyr gijesiniň hormatyna yglan edilen günä geçişiň çäginde dürli döwürlerde ýyl kesilen ýehowa şaýatlarynyň ählisiniň, jemi 16 tussagyň azatlyga goýberilendigini ýap-ýaňy tassykladyk diýip, Ýehowa şaýatlarynyň bütindünýä guramasynyň metbugat wekili Jarrod Lopes Azatlyk radiosyna habar berdi.

“Olar prezident tarapyndan günäsi geçilen adamlaryň sanawyna girizilipdir. Bilşiňiz ýaly, 18-27 ýaş aralygyndaky erkekleriň ählisi, hristian ynançlary esasynda harby gullukdan ýüz öwren wyždan ýesirleridi” diýip, redaksiýa gowşan elektron hatda aýdylýar.

Şeýle-de gurama Türkmenistandaky ýehowa şaýatlarynyň türmeden boşadylandygyny, bu ýaş ýigitleriň ýene öýlerine we öz ýerli jemgyýetlerine gowşup, maşgalalaryna kömek edip biljeklerini eşidip, ynjalandygyny aýdýar.

Türkmen mediasy günäsi geçilenleriň atlaryny-da, aýyplanan we günäli tapylan jenaýat maddalaryny hem, türmede oturan möhletlerini-de habar bermeýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, bu gezekky günä geçişde iş kesilen türkmen raýatlarynyň 982-si, Türkmenistanda iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň 53-s azatlyga çykýar.

Geçen ýylyň aýagynda, Bitaraplyk baýramy mynasybetli 2078 raýatyň we 4 daşary ýurt raýatynyň günäsi geçilipdi.

XS
SM
MD
LG