Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan üç tussagy Eýrana ekstradisiýa etdi


Tussaglar Loftabad serhet geçelgesinde Eýrana gowşuryldy.
Tussaglar Loftabad serhet geçelgesinde Eýrana gowşuryldy.

Türkmenistan eýranly üç tussagy Eýrana ekstradisiýa etdi. Bu barada MEHR habarlar gullugy 9-njy maýda maglumat berdi.

Tussaglaryň bikanun neşe gaçakçylygy sebäpli türmä basylandygy bellenilýär. Şol bir wagtda, tussaglaryň şahsyýetleri aýan edilmeýär, şeýle-de olaryň haçan we haýsy möhlet bilen türmä höküm edilendigi takyklaşdyrylmaýar.

Tussaglaryň Eýranyň Horasan Razawi welaýatyndaky Loftabad serhet geçelgesinde ýurda gowşurylandygy aýdylýar.

Türkmen mediasynda eýranly tussaglaryň ekstradisiýa edilmegi barada maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG