Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen delegasiýasy Hytaýa sapar edýär


Türkmen tarapy Hytaýa satýan gazynyň nyrhyny, alýan girdejilerini we bergi-borç ýagdaýlaryny ýaşyryn saklaýar. Samandepe gaz sebiti (arhiw suraty)
Türkmen tarapy Hytaýa satýan gazynyň nyrhyny, alýan girdejilerini we bergi-borç ýagdaýlaryny ýaşyryn saklaýar. Samandepe gaz sebiti (arhiw suraty)

Türkmenistanyň delegasiýasy 9-12-nji maý aralygynda Hytaýa iş saparyny amala aşyrýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, Sian şäherine amal edilýän üç günlük saparyň dowamynda topar iki ýurduň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlyk meselelerini maslahat eder, şeýle-de “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşar.

9-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen baş diplomaty Raşid Meredow Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşyk geçiripdi.

Türkmen mediasynda nebit-gaz ulgamynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygy bellenilýär.

Türkmen prezidentiniň golaýda geçiren hökümet mejlislerinde boýun almagyna görä, Türkmenistan Hytaýdan 8 milliard dollardan gowrak karz aldy.

Emma hytaý tarapy Aşgabatdan alýan gazynyň möçberi baradaky sanlary çap etse-de, türkmen tarapy satýan gazynyň nyrhyny, alýan girdejilerini we bergi-borç ýagdaýlaryny ýaşyryn saklaýar.

Daşary ýurt karzlaryna gurlan desgalaryň doly taslama kuwwatynda işlemezligi bilen, hökümet tankytçylary Aşgabadyň bergä batandygyny öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG