Ierusalimde ysraýyl polisiýasy palestin protestçileri bilen çaknyşdy. Bu palestin maşgalalarynyň Gündogar Ierusalimden çykarylmak aladalarynyň arasynda tapgyr üçünji gije dowam edýän gazaplylygyň çäginde bolup geçdi.
Palestin saglyk işgärleriniň maglumatyna görä, polisiýanyň daş böleklerini zyňýan protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazy we seňselediji granatlary ulanandygy aýdylýan çäreleriniň netijesinde azyndan 50 adam keselhana ýerleşdirilipdir.
Gazaplylyk musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Al-Aksa metjidiniň töwereginde ýüze çykdy.
Soňky üç günüň dowamyndaky çaknyşyklarda ýüzlerçe palestinyla we 20-den aşa ysraýyl polisiýa ofiserine şikes ýetdi diýip, saglyk we polisiýa edaralary maglumat berýärler.
Palestin maşgalalarynyň eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edýän işi boýunça geçirilmeli sud diňlenişiginiň arasynda şäherde dartgynly ýagdaý saklanýardy. 10-njy maýda geçirilmeli diňlenişik näbelli wagta çenli yza süýşürildi. 70 töweregi adam ýaşap oturan ýerlerinden çykmak görkezmesine garşy şikaýat edýär.