Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ysraýyl bilen Gazadaky söweşijileriň arasyndaky çaknyşyklar ýitileşýär


Ysraýyl Gazada Hamasa garşy howa zarbalaryny urdy, söweşijiler Ysraýylyň içine raketalary atdy.

Öten gijäniň dowamynda ysraýyllylar bilen palestinlylaryň arasyndaky çaknyşyklar ýitileşdi. Ysraýyl Gaza zolagynda Hamas toparyna garşy howa zarbalaryny urdy, söweşijiler hem Ysraýylyň içine raketalary atdy.

Gazada saglyk resmileriniň beren maglumatyna görä, mundan iki gün ozal başlanan gazaplylykda azyndan 30 palestinaly, şol sanda 10 çaga öldürilipdir, başga-da 200-den aşa adam ýaralanypdyr.

Ysraýyl harbylary Gazada 140 nyşana zarba urlandygyny, azyndan 20 söweşijiniň öldürilendigini habar berdiler.

Gazany dolandyrýan Hamas we beýleki jeňçi toparlarynyň Tel Awiwe we beýleki şäherlere ýüzlerçe raketany atmagy netijesinde ýedi ysraýylly öldi, onlarçasy hem ýaralandy. Ysraýylyň howa hüjüminden goranyş Demir Gümmez ulgamynyň atylan raketalaryň öňüni almagy bilen, gijeki asman yşyklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG