Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kazanda mekdebe edilen hüjümde heläk bolanlaryň jynazasy okalýar


Mekdebe edilen hüjümde heläk bolanlaryň jynazasy okalýar.
Mekdebe edilen hüjümde heläk bolanlaryň jynazasy okalýar.

Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň paýtagty Kazandaky bir mekdepde hüjümçiniň ýaragdan ot açmagy netijesinde heläk bolanlaryň jesetleri, jaýlanyş mirasymyny geçirmek üçin, garyndaşlaryna gowşuryldy.

12-nji maýda Tatarystanda pajygaly ýagdaýda heläk bolanlaryň hatyrasyna matam tutulýar.

Hüjümçiniň şäheriň 175-nji belgili mekdebinde amala aşyran hüjüminde başga-da 20-den aşa adam ýaralandy.

Pidalaryň köpüsi musulman maşgalalaryndan bolup, günüň dowamynda olaryň jynazasy okalar.

Hüjümde dört oglan we üç gyz öldürildi. Olaryň ýedisi-de sekizinji synp okuwçylarydy. Mundan başga-da, bir mugallyma we mekdebiň ýene bir işgäri öldürildi.

Hüjümi amala aşyrmakda aýyplanyp, ýerli media tarapyndan Ilnaz Galýawiýew diýlip tanyşdyrylan 19 ýaşly bir ýigit tussag edildi. Oňa ýaragdan ot açyp başlamazyndan ozal, mekdepde partladyjyny ýarmakda hem aýyplama bildirilýär.

XS
SM
MD
LG