Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl hüjümlerini güýçlendirýär, Günbatar kenarda, Liwan serhediniň boýunda zorluk möwjeýär


Günbatar kenar. Palestinaly demonstrantlar ysraýyl güýçlerine tarap daş zyňýar. 14-nji maý, 2021.
Günbatar kenar. Palestinaly demonstrantlar ysraýyl güýçlerine tarap daş zyňýar. 14-nji maý, 2021.

Ysraýyl 15-nji maýda irden, Iordan derýasynyň günbatar kenarynda we Liwan bilen serhet ýakasynda zorlukly wakalar döräp, arap we ýewreý raýatlarynyň arasyndaky içerki çaknyşyklar möwjäp galandan soň, Gaza garşy hüjümini güýçlendirdi.

Ysraýylyň uçarlary Gazadaky howa zarbalaryny gaýtalady we hamaz söweşijileri muňa, söweşiň bäşinji gijesine girmegi bilen, Ysraýyla raketa atmak bilen jogap berdiler.

Palestinaly lukmanlar Gazanyň demirgazygyndaky howa zarbasynda azyndan 10 adamyň ölendigini, beýleki adamlaryň beýleki zarbalardan ölendigini aýtdylar.

Ysraýylyň günortasyndaky iki uly şäherde Hamaz tarapyndan atylýan raketalardan habardarlyga çagyrýan sirena sesleri ýaňlandy.

Palestinalylar Günbatar kenarda 14-nji maýda demonstrantlar bilen Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda 11 adamyň öldürilendigini aýtdy. Palestinanyň Saglyk ministrliginiň habaryna görä, ysraýyl güýçleri tarapyndan atylan oklardan we rezin oklardan 50 adam ýaralandy.

Palestinanyň saglyk resmileri 10-njy maýdan bäri Gazada azyndan 132 adamyň, şol sanda 32 çaganyň we 21 aýalyň ölendigini, 950 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Ysraýylda sekiz adam öldi.

Ysraýyl goşuny 14-nji maý güni irden başlanan uly hüjümde Gazada söweşijiler tarapyndan ulanylýan ýerasty ötük ulgamynyň "köp kilometrine" zeper ýetendigini aýtdy.

Şeýle-de, raketa hüjümlerini duruzmak tagallasynyň çäginde, Ysraýyl söweşijiler tarapyndan ulanylýan ýerleri we ýarag öndürýän ammarlary nyşana aldy.

Iň erbet içerki söweşleriň käbiri Lod şäherinde bolup geçdi, şäherdäki sinagoglara hüjüm edilenden we köçe söweşleri başlanandan soň, bu ýer komendant sagady astynda galýar.

Ysraýylyň demirgazyk serhedinde liwanly we palestinaly demonstrantlaryň bir topary serhet diwaryny kesip, gysga wagt Ysraýyla geçensoň, goşun olara garşy ot açdy.

XS
SM
MD
LG