Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BSG-nyň başlygy baý ýurtlary çagalara sanjym etmän, COVAX-a peşgeş bermäge çagyrýar


Bütindünýä saglyk guramasynyň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus

Bütindünýä saglyk guramasy baý ýurtlary özlerindäki COVID-19 sanjymlaryny çagalara sanjym etmek üçin ulanmak planlaryna täzeden garamaga we muňa derek olary garyp ýurtlara peşgeş bermäge çagyrdy.

Bütindünýä saglyk guramasynyň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus 14-nji maýda Ženewada geçirilen wirtual ýygnakda käbir ýurtlaryň näme üçin çagalaryna we ýetginjeklerine sanjym etmek isleýändigine düşünýändigini aýtdy, "ýöne men edil häzir olary bu meselä gaýtadan seretmäge we, muňa derek, ol sanjymlary COVAX-a”, garyp ýurtlary sanjym bilen üpjün etmek üçin, global sanjym paýlaşma shemasyna “peşgeş bermäge çagyrýaryn” diýdi.

BSG köp ýurt ileri tutulýan ilatyna sanjym edilenden soň, Fransiýa we Şwesiýa eýerip, COVAX-a sanjym peşgeş eder diýip umyt edýär.

Sanjymlary ýetginjeklere sanjym etmekde ulanmak tabşyrygyny beren ýurtlaryň arasynda Kanada we ABŞ hem bar.

Ýurduň ýokanç kesel ýokuşan adamlarynyň resmi sany 14-nji maýda 24 milliondan geçip, tapgyr üçünji gün 4000-den gowrak adam ölenden soň, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bu keseliň beýle çalt ýaýramagyndan alada galandygyny bildirdi.

Şeýle-de, BSG-nyň resmileri, maska geýmek ýaly, keseliň geçişini azaldýan çäreleri gowşatmakda seresap bolmaga çagyrdylar we ýokanç keseliň has köp görnüşiniň tapylmak ähtimallygyny duýdurdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG