17-nji maýda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Daniýanyň liderleri bilen gepleşik geçirýär. Özüniň diplomatiki turunyň çäklerinde Blinken Islandiýada Artik Geňeşiniň maslahatyna hem gatnaşar. Onuň dowamynda Blinkeniň prezident Jo Baýdeniň häkimiýet başyna geçmeginden soň, özüniň russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen hem ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gepleşik geçirmegine garaşylýar.
Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Blinken Kopengagende Daniýanyň premýer-ministri Mette Frederiksen we daşary işler ministri Jeppe Kofod bilen “klimat krizisini” we “transatlantik hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen umumy bähbitleri” maslahat eder.
Döwlet departamenti Blinkeniň ABŞ-nyň ýaşyl tehnologiýalara we Arktikada daşky-gurşawyň durnuklylygyny saklamaga ygrarlydygyny belläp geçjekdigini hem mälim etdi.
Bu gepleşiklerden soňra, Blinken Islandiýa sapar edip, Islandiýanyň prezidenti, premýer-ministri we daşary işler ministri bilen gepleşikleri geçirer. Bu sapar 19-njy maýda Reýkžawik şäherinde sekiz agzalyk Artik Geňeşiniň maslahatynyň öňýanynda amal ediler.
Blinkeniň gün tertibinde 20-nji maýda Lawrow bilen gepleşikleri geçirmek hem göz öňünde tutulan.
Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisiniň sözlerine görä, iki ministr Baýdeniň administrasiýasynyň Waşington bilen Moskwanyň umumy bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlyk edip biljekdigi baradaky garaýyşyny iş ýüzünde synap görer.