Çeh prezidenti Milos Zeman Russiýany, Moskwanyň Çehiýa Respublikasyny “dost bolmadyk” döwletleriň sanawyna goşmagyna jogap edip, samsyk atlandyrdy. Bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aňtaw dawasy sebäpli ýitileşen döwrüne gabat geldi.
Aprel aýynda çeh hökümeti rus harby aňtaw agentlerini 2014-nji ýyldaky ýarag ammaryndaky adam pidaly partlamada aýyplamagyndan soňra, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşyp başlapdy.
Çeh hökümeti Russiýanyň Pragadaky ilçihanasynyň onlarça rus işgärini içalyçylykda aýyplap, ýurtdan çykardy. Russiýa özüne bildirilýän aýyplamalary ret etdi we jogap çäresi hökmünde, çeh diplomatlaryny çykardy.
Mundan başga-da, Russiýa 14-nji maýda Çehiýany ABŞ bilen birlikde “dost bolmadyk” döwletleriň sanawyna goşdy. Moskwa başga-da kimde-kim “dost bolmadyk” diýip häsiýetlendiren hereketlerine baş goşsa, onda olary hem ýokarky sanawa goşmak bilen haýbat atdy.
Munuň netijesinde, Birleşen Ştatlara Russiýadaky diplomatiki missiýalary üçin ýerli ilatdan adamlary işe almak gadagan edildi, şeýle-de Çehiýa Respublikasynyň ilçihanana diňe 19 ýerlini hakyna tutmak boýunça çäklendirme girizildi.
“Duşmançylyk elmydama-da ýalňyş bir ýol” diýip, Zeman 16-njy maýda ýerli radioda çykyş etdi. “Bu Russiýanyň samsyk hereketi boldy, sebäbi ozalky dostlaryňy özüňe duşman edinmek ýalňyşlykdyr” diýip, ol belledi.
Zeman ençeme ýyllap Russiýa bilen has dostlukly gatnaşyklaryň tarapynda çykyş edipdi.
“Dostluk başartmaýan bolsa, iň azyndan düzüw gatnaşyklar bolmalydyr diýip, ol sözüne goşdy.