Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýanyň sudy Nawalnynyň guramalary boýunça diňlenişigi yza süýşürdi


Alekseý Nawalny

Russiýanyň sudy tussaglykda saklanýan Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň syýasy toruny “ekstremist” hökmünde ykrar etmek baradaky diňlenişigi 9-njy iýuna çenli yza süýşürdi.

17-nji maýda Moskwanyň sudy prokuraturanyň Nawalnynyň üç guramasyny, ýagny “Korrupsiýa garşy fonduny” (FBK), Raýat hukuklarynyň gorag fonduny (FZPG) we Nawalnynyň regional edaralaryny “ekstremist” hökmünde ykrar etmek baradaky arzasy boýunça höküm çykarmalydy.

Emma diňlenişik başlanan pursady prokurorlar alty tom goşmaça materiallary hödürlediler. Bu Nawalnynyň aklawçylaryna olary öwrenmek üçin wagt gerek boljakdygyny aňladýar.

Prokurorlar bu guramalary “özleriniň liberal şygarlary astynda, ýurtdaky jemgyýetçilik we syýasy ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrmak boýunça şertleri döretmekde” aýyplaýarlar.

Hukuk goraýjylar prokurorlaryň arzasyny ýiti tankytlap, ony ýurtdaky oppozisiýany we islendik tankydy sesleri sem edip, basyp ýatyrmak ugrundaky “gözçykgynç” synanyşyk hökmünde häsiýetlendirdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG