Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet (CPJ) belarus resmilerini ýuduň iň iri garaşsyz Tut.by internet habar saýtnyň žurnalistlerine bildirilýän aýyplamalaryň ählisini aradan aýyrmaga çagyrdy.
Bu aralykda, Tut.by habar gullugynyň bir žurnalisti alty aý türme möhleti dolandan soň azatlyga çykdy. Katsýaryna Barysewiç diýdimzor Aleksandr Lukaşenka garşy geçirilýän demonstrasiýalarda protestçiniň öldürilmegi barada habar beripdi.
Barysewiç Roman Bandarenkanyň ölümi barada ençeme makala ýazandygy üçin tussaglyga höküm edilidi. Ol 19-njy maýda günorta-günbatardaky Gomel şäheriniň jeza koloniýasyndan azatlyga çykdy.
Ol makalalarynda Banderenkanyň öldürilen mahaly içgilidigi baradaky resmileriň eden öňe sürmesini ýalana çykarýan medisina maglumatlaryny aýan edipdi.
Munuň bilen baglylykda medisina maglumatlaryny Barysewiçe beren lukman – Artsýom Sarokin şertli ýagdaýda iki ýyl türme tussaglyga höküm edildi we 1 müň 450 rubl ($555) möçberinde jerime tölemeli edildi.
Bu aralykda, Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet 18-nji maýda Tut.by neşiriniň ýurtdaky edaralaryna we onuň redaktorlarynyň öýlerine edilen reýdleri ýazgardy.
Tut.by neşiriniň websaýty petiklendi, şeýle-de onuň 14 işgärine salgyt galplyklarynda aýyplama bildirildi.
Adam hukuklary boýunça “Wýasna” (“Bahar”) toparynyň 19-njy maýda beren maglumatyna görä, howpsuzlyk gulluklary mundan bir gün öň geçirilen reýdleriň dowamynda habar gullugynyň 12 aýal we iki erkek işgärini saklapdyrlar.
Думаю, Туркменские власти не пойдут на это, потому что если у интернетпользователя будет возможность к спутниковому интернету, то его интернет тракт не пройдет через провайдер ТМ СЕLL. А интернетконтроль пользоват