Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý Medwedçuga garşy işiň oligarhlaryň täsirini peseltmek ugrundaky “başlangyçdygyny” aýdýar


Wiktor Medwedçug suduň zalynda. Kiýew, Ukraina. 13-nji maý, 2021 ý.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Russiýanyň bähbitlerini araýan tüçjar Wiktor Medwedçuga garşy açylan işiň, onlarça ýylyň dowamynda ýurduň ykdysady we syýasy pudaklarynda hökmürowanlyk süren birnäçe kuwwatly oligarhyň täsirini gowşatmak ugrundaky “başlangyç” bolandygyny aýtdy.

18-nji maýda düýbi Waşingtonda ýerleşýän Atlantik Geňeşi ylmy-merkeziniň websaýtynda çap bolan beýanatynda, Zelenskiý “saýlanmadyk elitanyň” halkyň bähbitleriniň öwezine öz täsrini we baýlygyny artdyrmak ugrunda “ýurduň ulgamyny sökendiklerini” aýtdy.

Zelenskiý Ukrainanyň özüniň ýolbaşçylygynda tüçjarlara garşy göreşinde öňe gidişlikleri gazanandygyny aýtdy. Ol muňa delil hökmünde telewideniýe kanallarynda we nebit geçirijilerinde paýy bardygy aýdylýan Medwedçuga garşy fewralda girizilen sanksiýalary belläp geçdi.

“Bu diňe bir başlangyç. Ähli ukrain oligarlarynyň täsiri gowşadylyp, sadaja iri telekeçi ýagdaýyna getirilýänçä, şular ýaly başga-da köp çäreler geçiriler” diýip, Zelenskiý ABŞ-nyň okyjylaryna niýetlenen beýanatynda belledi.

Medwedçugyň dönüklik aýyplamalary esasyndaky sud diňlenişigi iýulda başlanar. Ol özüne ýöňkelýän aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG