Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken, Lawrow dartgynlylyklaryň ýitileşýän döwri gepleşik geçirýärler


“Biz Russiýa bilen durnukly we has köp çaklap bolýan gatnaşyklaryň bolmagyny isleýäris” diýip, Blinken 18-nji maýda aýtdy.
“Biz Russiýa bilen durnukly we has köp çaklap bolýan gatnaşyklaryň bolmagyny isleýäris” diýip, Blinken 18-nji maýda aýtdy.

19-njy maýda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýitileşýän döwri, Islandiýada gepleşikleri geçirerler.

ABŞ we rus resmileriniň maglumatyna görä, baş diplomatlar Islandiýanyň paýtagty Reýkjawikde geçýän Artik Geňeşiniň çäginde duşuşarlar we prezidetler Jo Baýden bilen Wladimir Putiniň öňümizdäki aý geçmegi mümkin sammitine taýýarlyklary görerler.

Şol bir wagtda, Baýdeniň 20-nji ýanwarda häkimiýet başyna geçmeginden soň Blinkeniň Lawrow bilen geçirýän ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşikleriniň dowamynda başga-da meseleleriň maslahat ediljekdigine garaşylýar.

ABŞ-Russiýa gatnaşyklarynyň Sowuk urşy döwründäki derejesine çenli hem peçe gaçyp biljekdigi barada wehimler bar. Iki global güýjüň ylalaşmaýan ençeme meseleleri bar.

“Biz Russiýa bilen durnukly we has köp çaklap bolýan gatnaşyklaryň bolmagyny isleýäris” diýip, Blinken 18-nji maýda aýtdy.

XS
SM
MD
LG