Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hüjümler dowam edýär, Hamaz resmisi olaryň birnäçe günde togtajagyny çaklaýar


Ysraýylyň harby güýçleri bilen Gazany dolandyrýan söweşiji toparyň arasyndaky hüjümler dowam edýär.
Ysraýylyň harby güýçleri bilen Gazany dolandyrýan söweşiji toparyň arasyndaky hüjümler dowam edýär.

Ysraýylyň harby güýçleri bilen Gazany dolandyrýan söweşiji toparyň arasyndaky hüjümler dowam edýän hem bolsa, Hamazyň ýokary derejeli resmisi Ysraýyl bilen Hamazyň arasyndaky çaknyşyklaryň birnäçe gün içinde ýaraşyk bilen togtadylmak ähtimallygyny çaklady.

Hamazyň resmisi Moussa Abu Marzouk Liwanyň “Al-Maýadeen” teleýaýlymyna beren interwýusynda ýaraşyk baglaşmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň “bir ýa-da iki gün içinde” üstünlik getirjekdigini aýtdy.

Ysraýylyň söweş uçarlary bu çaklamadan birnäçe sagat soň ondan gowrak howa zarbasyny ursa, palestinalylar 20-nji maý güni irden has köp raketa atdylar we duşmançylykly gapma-garşylyk 11-nji gününe girdi.

Ysraýyl harbylary öz uçarlarynyň Hamazyň bir resmisiniň Gaza şäherinde ýerleşýän jaýyndaky "ýarag ammaryna" we Hamazyň beýleki serkerdeleriniň jaýlarynda ýerleşýän harby nokatlara, şol sanda Gazanyň günortasyndaky Han Ýunus şäherçesinde ýerleşýän "harby infrastruktura" zarba urandygyny aýtdy. Lukmanlar dört adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 19-njy maýda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahua “düýpli köşeşilmegine” garaşýandygyny aýtdy, ýöne Netanýahu oňa Ysraýyl raýatlary üçin asudalyk we howpsuzlyk dikeldilýänçä "harby hüjümi dowam etdirmegi ýüregine düwendigini” aýdyp jogap berdi.

Palestinanyň saglyk işgärleri söweş başlanaly bäri 228 adamyň öldürilendigini aýdýarlar. Ysraýyl häkimiýetleri Ysraýylda ölenleriň sanynyň 12 adama ýetendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG