Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” ýene bir etraby ele geçirdi, ýol ýakasyndaky bomba dokuz adamy öldürdi


Gaçýan adamlar. Helmand, 4-nji maý, 2021
Gaçýan adamlar. Helmand, 4-nji maý, 2021

Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda bir ýoluň gyrasynda partlan bomba dokyz adamy, şol sanda aýallary we çagalary hem öldürdi.

"Partlamada ýene iki çaga ýaralandy" diýip, çeşmeler Tolo habar gullugyna aýtdy. 20-nji maýda bolan partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Şu aralykda, "Talyban" söweşijileri gündogar Lagman welaýatynda etrap merkezine gözegçiligi ele aldylar.

Welaýat resmileri Atikullah Abdul Rahimzaýyň we Gülzar Sangarwalyň aýtmagyna görä, Lagmanyň uzakdaky Dawlat Şah etraby azyndan bir aý bäri “Talybanyň” elinde saklanýar.

XS
SM
MD
LG