Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistanda ABŞ dollarynyň hümmeti ýokarlanýar


ABŞ dollarynyň ýurtdaky resmi hümmeti 20-nji maýdan başlap 9 som ýokarlanyp, 10,586 soma ýetdi.

Özbegistanyň Merkezi banky 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda daşary ýurt walýutalarynyň özbek somunyň garşysyndaky hümmetini kesgitläp, täze bahalary goýdy.

Merkezi bankyň maglumatyna görä, ABŞ dollarynyň ýurtdaky resmi hümmeti 20-nji maýdan başlap 9 som ýokarlanyp, 10,586 soma ýetdi. Özbegistanda ABŞ dollarynyň hümmeti indi yzygiderli, tapgyr 7 gün bäri ýokarlanýar.

Şol bir wagtda, 20-nji maýdan başlap, ýewronyň resmi hümmeti 5,7 som ýokarlandy we 12 927 somdan gowrak boldy.

Özbegistanyň Merkezi banky walýutanyň bahasyny kesgitläninde, bu walýutalary bellenen nyrh boýunça satyn almak ýa-da satmak barada öz üstüne hiç bir borçnama almaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG