Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda dollaryň arzanlamagy dowam edýär


Bişkek. Walýuta nyrhlaryny görkezýän maglumatlar. Arhiw suraty
Bişkek. Walýuta nyrhlaryny görkezýän maglumatlar. Arhiw suraty

Gyrgyzystanyň Milli bankynyň 21-nji maýdaky kesgitlemesine laýyklykda, walýutanyň resmi bahasy 83,96 som boldy.

Bu soňky aýlarda bahasy köplenç 84 somdan ýokarda saklanan walýutanyň iň pes bahasy bolup durýar.

Milli bankyň başlygy Tolkunbek Abdygulow Ýokarky geňeşiň 19-njy maýdaky mejlisinde dollaryň hümmetiniň peselmeginiň sebäplerini düşündirdi. Şonda dollaryň nyrh 84,2 som bolupdy.

Gyrgyzystanda dollaryň resmi bahasy 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli 69 som 51 teňňe boldy. Aprel aýynda nyrh 84 soma galdy, iýun-iýul aýlarynda 74-75 soma düşdi. Noýabr aýynda bolsa dollaryň bahasy 85 soma çenli ýokarlandy, dekabr aýynda birneme aşaklady we bir dollar 82 som boldy.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda amerikan walýutasy ýene gymmatlap başlady we bir dollaryň bahasy takmynan 84 som 90 teňňe boldy.

XS
SM
MD
LG