Belarusyň howpsuzlyk güýçleri Polşada ýerleşýän teleýaýlym tarapyndan ulanylýan Minsk studiýasyna reýd geçirdi.
Bu teleýaýlym Belerusyň awtoritar lideri Aleksandr Lukaşenkany we onuň ýaranlaryny tankytlaýan derňewleri geçirdi.
“Belsat” harby egin-eşikli ofiserleriň 21-nji maýda tok-şow taýýarlamak üçin ulanylýan studiýa gelip girendigini we alty adamy, şol sanda dört kameraçyny tussag edendigini aýtdy.
Gepleşikleriň alyp baryjysy Hleb Labadzenka şeýle reýdiň bolandygyny tassyklady, ýöne "Euroradio" bilen gürleşende özüniň tussag edilmändigini aýtdy.
Reýd geçirilen wagtynda studiýa geljekki programma taýýarlanýardy we hiç hili ýazgy edilmeýärdi diýip, habar gullugy aýtdy.
Belarusyň hukuk goraýjy edaralary tussag edilenler baradaky habary bada-bat tassyklmady.
Bu kanal aprel aýynda ýurduň hökmürowan lideri Aleksandr Lukaşenkanyň gelniniň we awtokrat lider bilen baglanyşykly beýleki adamlaryň biznes-iş gatnaşyklary barada geçirilen derňewleriň netijelerini çap etdi.
Şu ýylyň başynda “Belsat” hemra ulgamynyň iki žurnalistine, noýabr aýynda Minskdäki ýygnanyşykdan göni gepleşik taýýarlandyklary üçin, türme hökümleri çykaryldy.
Aklawçylary olaryň her birine berlen iki ýyl türme möhletini “absurd” diýip häsiýetlendirdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.