Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HPG pandemiýanyň soňuna çykmak üçin 50 milliard dollarlyk plan hödürleýär


Sanjym alýan aýal

Halkara pul gaznasy (IMF) indiki ýylyň ahyryna çenli dünýä ilatynyň azyndan 60 göterimine ýetjek global sanjym tagallasy üçin 50 milliard dollarlyk teklip hödürleýär.

Bu plan COVID-19 pandemiýasynyyň soňuna çykylmagy üçin teklip edilýär.

"Bu teklibiň esasy yşaratlarynyň biri zerur bolan serişdäniň möçberiniň beýle gaty köp bolmazlygyndan ybarat" diýip, Halkara pul gaznasynyň baş ykdysatçysy Gita Gopinat 21-nji maýda eden çykyşynda aýtdy.

ABŞ-nyň iň soňky 1,9 trillion dollarlyk bukjasyny goşmak bilen, baý ýurtlar tarapyndan döredilen köpçülikleýin höweslendiriş tagallalaryna goşulan trillionlarça dollar bilen deňeşdirilende, bu uly serişde däl.

Bu teklip Bütindünýä saglyk guramasynyň pandemiýadan ölenleriň hakyky sanynyň resmi statistiki maglumatlarda görkezilişinden iki-üç esse köp bolup hem biljekdigi barada aýdan sözlerinden soň edilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG