Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow oglunyň Orsýet bilen üç ýyllyk hyzmatdaşlyk baradaky planyny oňlady


Gurbanguly Berdimuhamedowyö ogly Serdar Berdimuhamedow bilen ýanaşyk goýlan suraty

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow 21-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Özara söwdanyň haryt dolanyşygyny giňeltmegi nazarlaýan üç ýyllyk planda senagat, energetika, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy, maliýe we beýlekiler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi diýip, TDH ýazýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamany makullap, wise-premýere Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen çäreleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňky ýyllarda gaz söwdasyndaky baha, töleg dawalary üstünde iki uly müşderisini, Orsýeti we Eýrany ýitiren Türkmenistanyň agyr ykdysady kynçylyklardan çykmak üçin günbatar sanksiýalarynyň astynda galan Orsýetden haraý gözleýändigi aýdylýar.Berdimuhamedow oglunyň

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG