Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Litwanyň parlamenti Hytaýyň Sinjiaňdaky syýasatyny "genosid" diýip atlandyrýar


Hotondaky metjite juma namazyna gelen adamlar. 2017-nji ýylyň 23-nji iýunynda düşrilen surat.

Litwanyň parlamenti 20-nji maýda geçirilen mejlisde hytaý hökümetiniň Sinjiaňda uýgurlary, gazaklary we beýleki musulmanlary ýanamagyny "genosid" diýip atlandyrdy.

Deputatlar BMG-ni Sinjiaňdaky "syýasy täzeden teriýeleýiş" lagerlerini barlamaga we Ýewropa Komissiýasynyň Pekin bilen gatnaşyklara täzeden garamagyna çagyrýan dokumenti tassyk etdiler.

Mundan öň ABŞ resmileri we Britaniýanyň, Belgiýanyň, Kanadanyň parlamentleri hem Hytaýyň Sinjiaňdaky hereketlerini "genosid" diýip atlandyrdy.

Litwa Sinjiaňda esasan ýerli türki dilli halklara edilýän basyşy "genosid" diýip atlandyran ilkinji post-sowet ýurdy boldy.

Mejlise premýer-ministr Ingrida Simonyte we daşary işler ministri Gabrielius Landsbergis dagy hem gatnaşdy, ýöne ses bermedi.

"Biz demokratiýany goldaýarys, sebäbi kommunistik režim döwründe 50 ýyllap gören görgülerimizi hiç haçan ýatdan çykarmarys" diýip, bu kararyň awtorlarynyň biri bolan deputat Dowil Sakaliene aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Çžao Litszýan 21-nji maýda Pekinde geçirilen brifingde "Hytaý Litwanyň mejlisiniň kararyna garşy çykýar we Wilniusy, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirmezlik üçin, ýalňyşlygyny düzetmäge çagyrýar" diýdi.

1940-1991-nji ýyllarda sowet repressiýalaryndan ejir çeken Litwa häzir Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň agzasy bolup, Russiýa we Hytaý ýaly awtoritar döwletlere görkezilýän diplomatik basyş taktikasyna goldaw berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG