Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syýasy tussag Witold Aşurok belarus türmesinde aradan çykdy


Syýasy tussag Witold Aşurok

Hökümete garşy protestlere gatnaşandygy üçin bäş ýyl azatlykdan mahrum edilen aktiwist Witold Aşurok Belarusyň Şklow şäherindäki bir türmede aradan çykdy diýip, Azatlyk radiosynyň Belarus gullugy habar berýär. Aşurok syýasy tussag hökmünde ykrar edilipdi.

Belarus metbugaty we merhumyň ýaranlary hem syýasy tussagyň ölendigini habar berdi.

Witold Aşurok 50 ýaşyndady. "Naşa Niwa" neşiriniň maglumatyna görä, onuň ölüminiň sebäbi ýüreginiň durmagy bilen bagly.

Ol geçen ýylyň awgust aýynda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň ýüze çykan köpçülikleýin protestlere gatnaşyp tussag edilenleriň içinde türmede ölen ilkinji aktiwist boldy.

Aktiwist tussag wagtynda türmede syýasy tussaglaryň eşiklerine sary bellikleriň tikilendigini aýdyp, hat ýazdy.

“Bu ýerde syýasylaryň ýetmezçiligi ýok... Hususan-da türme administrasiýasy, syýasy tussaglaryň uzakdan hem gowy görünmegi üçin, olaryň eşiklerine sary bellik çatmagy buýransoň, içiňi gysdyryp oturasy iş ýok" diýip, Aşurok "Ikinji jahan urşunyň tejribesiniň öz sebitlerinde hem örän peýdaly boljakdygyny" belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG